|
|
||||||
|
|||||||
НовостиNursultan Nazarbaýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Manifest. “Dünýä. XXI asyr”
XXI asyra adamzat global hyzmatdaşlygyň täze eýýamy hökmünde uly umytlary baglapdy. Şu gün bolsa ol hyýaly salgym bolup görünýär. Parahatçylyk ýene-de howp astynda we onuň gerimlerine dogry baha berilmelidir. Sebäbi bu howp – global uruş! Ýer siwilizasiýasy, alymlaryň hasaplamagyna görä, 15 müňden gowrak urşy başyndan geçirdi, ýagny her ýylda 3 uruş bolup geçdi. Olarda ýüz millionlarça adamlar öldi, Ýeriň ýüzünden şäherler we ýurtlar ýok edildi, medeniýetler we siwilizasiýalar ýok boldy. XXI asyra geçip, adamlar akyla sygmajak ylmy açyşlary edýär, täze nesliň tehnologiýalaryny döredýär. Adamzat öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna aýak basýar. Dünýä Dördünji senagat rewolýusiýasynyň bosagasynda dur. Köp sanly gorkunç keseller üstünlikli ýok edilýär. Emma uruş ýokanjy halkara ýagdaýyny zäherlemegi dowam edýär. Ol käbir döwletlerde ykdysadyýetiň iň kuwwatly pudagy bolan we ölümi öndürýän harby-senagat toplumynyň kuwwatyny artdyrýar. Uruş ýokanjy emeli intellektiň geljekki açyşlaryny ýokuşdyrmaga taýýar. Militarizm adamlaryň aňyna we häsiýetine çuň ornaşypdyr. Ilatyň elinde häzir 1 milliarddan gowrak atyjylyk ýaragyň görnüşleri bar, olardan her gün tutuş dünýä boýunça müňlerçe raýatlar janyny berýär. Harby howpuň älem-jahanyň tragiki hakykaty bolmagy ahmal. Şeýle ölümli soňuň aýratynlyklary bar. Halkara gatnaşyklarynda jenjel töwekgelçiligi güýçlendi. Harby çaknyşyklaryň geografiýasy iki öňki jahan uruşlarynyň harby hereketleriniň taryhy teatrlaryna, ýagny Ýewropanyň gündogaryna, Afrikanyň demirgazygyna, Ýakyn Gündogara baryp ýetdi. Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk hakyndaky şertnama öz wezipesini ýerine ýetirmeýär. Köpçülikleçin gyrýan ýarag we ony öndürmegiň tehnologiýalary iri döwletleriň iki esse köp standartlary goýýandygy sebäpli, bütin dünýä ýaýrady. Şol ýaraglaryň garakçylaryň ellerine düşmegi köp wagty talap etmez. Halkara garakçylyk eýmenç häsiýete eýe boldy. Ol aýratyn ýurtlarda seýrek bolýan hadysalardan Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň döwletlerine garşy giň gerimli garakçylyk agressiýasyna öwrüldi. Millionlarça bosgunlaryň öz ýurdundan gaçmak, şäherleri weýran etmek, gymmatly taryhy ýadygärlikleri ýok etmek – bularyň ählisi adaty hakykat boldy. Ykdysady sanksiýalar we söwda uruşlary hem adaty hadysa öwrüldi. Planetamyz tutuş adamzat üçin elhenç netijeleri bilen “sowuk urşuň” eýýäm täzeden ýylmanan ujunda deňagramlylygyny saklap başlady. Parahatçylyk öňki dört onýyllygynyň oňyn inersiýasy netijesinde saklanýar. XX asyryň ikinji ýarymynda ýadro howpsuzlygy boýunça üstünlikli gepleşikleriň netijesinde ABŞ-nyň we Russiýanyň ýadro arsenallary ep-esli derejede azaldyldy. Bäş ýadro döwleti atom ýaragyny synamak moratoriýsini yglan etdi we goldaýar. Planetany ýok etmegiň howpy ep-esli derejede azaldyldy. Sebitleýin howpsuzlyk ulgamlary döretmek prosessi çaltlaşdyrdy. Özara ynanmak ýörelgelerinden ugur alnyp, ýewraziýa-atlantiki mega-gurluşy – Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy döredildi. Döwletleriň ylalaşylan hereketleriniň we BMG-niň parahatçylygy saklamak boýunça köptaraplaýyn amallary netijesinde jenjelleriň we uruşlaryň birnäçesi düzgünleşdirildi. Häzir biz şol ähli gazananlaryň eroziýasyny synlaýarys. Şonuň üçin millionlarça adamlary şeýle meseleler has tolgundyrýar. Dünýädäki ýagdaý haýsy ugurda ösüşi dowam eder? Öňdebaryjy döwletleriň arasyndaky gapma-garşylyklar olaryň arasyndaky täze köp möhletli garşy göreşine geçmezmi? Global we sebitleýin döwletleriň ýöredýän “proksi-uruşlarynyň” indiki pidasy haýsy döwlet bolarka? Tanklaryň zynjyrlary we top oklarynyň partlamalary kimiň gülleýän topragyna ezýet bererkä? Raketalaryň, top oklarynyň astynda haýsy şäheriň çagalary gurban bolarka? Dawa-jenjellerden gaçyp gutulýan bosgunlaryň täze akymlary nireden we nirä giderkä? 60 ýylmundan ozal alymlar Albert Eýnşteýn we Bertran Rassel manifest bilen çykyş edipdiler, manifestde “gazaply, eýmenç we gutulgysyz sorag: ynsan neslini biz ýok etmelimi ýa-da adamzat uruşlardan ret edermi?” diýen mesele goýuldy. XX asyryň ajaýyp akyldarlary geljekki dünýä urşunda ýadro ýaragynyň hökman ulanyljakdygy hakynda we onuň planetadaky ähli diri zatlary ýok etjekdigi hakynda öňden görüjilik bilen adamlary duýdurypdy. Döwletleriň arasyndaky ähli jedelleriň uruş arkaly çözülmeli däldigi hakyndaky olaryň duýduryşy XXI ýüzýyllykda iň ýokary derejede aktual bolup durýar. Urşy düýbünden ýok etmek – adamzadyň iň çylşyrymly siwilizasiýaly meselesi. Oňa hiç hili gaýry akyl taýdan kabul ederlikli alternatiwasy ýok. Şu mesele global gün tertibiniň beýleki meseleleriniň arasynda iň ähmiýetli we artykmaçlykly meselesi hökmünde dünýä öňbaşçylary tarapyndan çözülmelidir. XXI asyrda adamzat öz-özüni demilitarizirlemek ugruna aýgytly ädimleri etmelidir. Biziň başga çykalgamyz ýok. Eger biz muny etmesek, planetamyz radioaktiw materiallarynyň ägirt uly we adamsyz zir-zibil dökülen ýerine öwrüler. Planetamyz ýeke-täkdir, başga planeta bizde ýok we bolmaz. Şonuň üçin adamzada ähli zady öz içine alýan “XXI ASYR: URUŞSYZ DÜNÝÄ” MAKSATNAMASY zerurdyr. Bu global strategiýasy uruş we jenjeller ýokanjyny ýok etmek boýunça milletleriň ylalaşykly we jogapkärli hereketlerini kesgitlemelidir. Resminamada üç esasy ýörelgäni anyk beýan etmelidir. Birinjiden, hiç bir häzirki zaman urşunda ýeňiji bolmaz we bolmaly däl, onda ähli taraplar ýeňilýäň bolar. Ikinjiden, täze uruşda köpçülikleýin gyrýan ýaraglary – ýadro, himiki, biologiki we ylmyň gazananlarynyň esasynda oýlap tapylan islendik beýeki ýaraglary ulanmak gutulgysyz bolar. Bu bolsa tutuş adamzadyň ýok bolmagyna getirer. Munuň üçin kimiň jogäpkärçilik çekýändigini ýüze çykarmak giç bolar we ony hiç kim ýüze çykaryp bilmez. Şu potensial howpy häzirki we soňraky nesilleriň milli liderleri we syýasatçylary aksioma hökmünde düşünmelidir. Üçünjiden, parahatçylyk we howpsuzlyk üçin deň jogapkärçilik, özara hormat goýmak we içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýan parahatçylykly gepleşikler we oňyn gepleşikler döwletler arasyndaky ähli jedelleri düzgünleşdirmek üçin esas hökmünde bolmaly. Şu toplumlaýyn esasda şu aşakdaky ugurlar boýunça dünýä bileleşiginiň hereketleriniň bütin agoritmlerini düzmeli. BIRINJI. Ýadro we beýleki köpçülikleýin gyryjy ýaraglaryň görnüşlerinden dolulygyna boşadylan dünýä yzygiderli hereket etmek, şu ugurda ähmiýetli ädim edildi. 2015-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Gazagystanyň başlangyjy bilen Ýadro ýaragyndan boşadylan dünýäni gurmak hakynda Umumy Jarnamany kabul etdi. 25 ýyl mundan ozal Gazagystan dünýäde ilkinji bolup Semipalatinskiniň ýadro synag poligonyny ömürlik ýapdy. Dünýä tejribesinde bu ilkinji we ýeke-täk ýagdaý. Soňra ýaş döwlet dargan SSSR-iň elhenç mirasy – atom ýaragynyň we ony getirmek serişdesiniň dünýäde dördünji potensialyna eýe bolmakdan meýletin boýun gaçyrdy. Şu karar öňdebaryjy ýadro döwletlerini ýadro synaglaryna moratoriýni yglan etmäge itergi berdi. 20 ýyl mundan ozal Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Ýadro synaglaryny gecirmegiň umumy gadagan edilmegi hakynda şertnama işlenilip taýýarlandy we gol çekilişe açyldy, emma ol güýje girmedi. Gazagystanyň çäklerinde MAGATE-niň goragy astynda atom energetikasyny ösdürmegi meýilleşdirýän döwlet üçin niýetlenen Pes baýlaşdyrylan ýadro ýangyjynyň banky döredildi. Ýadro howpsuzlygy boýunça global sammitleriniň ähmiýeti uludyr. Indi bolsa kosmiki giňişlikde, Dünýä ummanynyň düýbünde we bitarap suwlarda, Arktikada ölüm getiriji ýaraglaryň ýerleşdirilmegini gadagan edýän global kararlar kabul edilmelidir. Köpçülikleýin gyryjy ýaraglaryň täze görnüşlerini döretmek üçin ylmy açyşlary ulanmagy gadagan etmek boýunça halkara resminamalaryny işläp taýýarlamaly we kabul etmeli, olary ýerine ýetirmek hökmany bolmaly. Birleşen Milletler Guramasynda köpçülikleýin gyrýan ýaraglary döretmek we kämilleşdirmek üçin ulanylyp bilinjek Ylmy açyşlary hasaba almagyň sanawyny döretmeli. IKINJI. XXI asyrda durmuş usuly hökmünde urşy yzygiderli ýok etmek bilen durnukly parahatçylygyň geografiýasyny döretmeli. Dünýäde ýadro ýaragyndan erkin bolan alty zolak bar. Olar Antarktidany, tutuş diýen ýaly Günorta ýarym şaryny, şol sanda Latyn Amerikasyny, Afrikany, Awstraliýany we Okeaniýany öz içine alýar. Iň “ýaş” zolak hökmünde 10 ýyl öň Semipalatinskide sebitiň bäş döwleti tarapyndan döredilen Merkezi-Aziýa sebiti hasaplanýar. Ýakyn Gündogarda ýadrosyz zolagy döretmek boýunça halkara tagallalaryny jemlemeli. 1992-nji ýylda Gazagystan Aziýada Özara hereket we ynam çäreleri boýunça maslahatyň çagyrylmagynyň başyny başlapdy. Forum şu ýüzýyllykda yklymyň 27 döwletiniň, BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň gatnaşmagynda täze gurama hökmünde emele geldi. Şanhaý hyztamdaşlyk guramasynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlyk oňyn ähmiýete eýe bolup durýar. Günorta Amerikada, Günorta Atlantikada, Hindi ummanynda Parahatçylyk zolaklary möhüm ähmiýete eýedir. Ähli tejribäni ýörite halkara hukugynyň esasynda gerimli Dünýä Arealyny döretmek üçin ulanmaly. Elbetde, olarda uruşlara we dawa-jenjellere orun berilmeli däl. Dünýä Areallarynda howpsuzlyk we ösüş meseleleri BMG-niň ähli gatnaşyjy döwletleri tarapyndan, şeýle hem BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi tarapyndan kepillendirilip bilner. ÜÇÜNJI. XXI asyrda global howpsuzlyga wehim salýan we giň halkara hyzmatdaşlygyna bökdençlik edýän harby bloklarynyň bolmagy ýaly militarizmiň köneden galyndysynyň hötdesinden gelmeli. Geosyýasy hakykat şundan ybaratdyr: eger azyndan bir iri harby blok bar bolsa, onda onuň antipodyny döretmek gutulgysyz ýagdaýdyr. Güýç garşy güýji döredýändir. Harby bloklara dürli döwletler girýär, olar parahatçylyk we howpsuzlyk üçin öz jogapkärçiligini düşünmeýär. Onuň üstesine-de, üçünji döwletler, şol sanda gönüden-göni öz goňşulary bilen özara gatnaşyklarda artykmaçlyklary almak üçin harby bloklaryň saýawanyny ulanmak synanyşyklary bolýar. Şunuň bilen birlikde garşy durmak hadysasy hem aýry zolaklarda, hem tutuş gobal giňişliginde tükeniksiz köpelýär. Emma beýleki döwletleriň howpsuzlygyny kemsitmegiň hasabyna hususy howpsuzlygyňy üpjün edip bolmaýandygyny öňki uruşlaryň we dawa-jenjelleriň tejribesi görkezýär. Hut şonuň üçin BMG-niň goragy astynda parahatçylyk, durnuklylyk, ynam we howpsuzlyk üçin döwletleriň Global Koalisiýasyny harby bloklara garşy goýmaly. Owganystanda, Yrakda, Ýemende, Liwiýada we Siriýada, Ukrainanyň gündogarynda we Palestina-Ysraýyl gapma-garşylykly uruşlaryň we dawa-jenjelleriň bes edilmegi ýakyn onýyllygyň umumy meselesi bolmaly. Koreýa ýarymadasynda, Günorta-Hytaý deňziniň we Arktikanyň akwatoriýalaryndaky wakalarda partlama howply potensialyny azaltmaly. DÖRDÜNJI. Täze taryhy şertlere halkara ýaragsyzlandyrma prosessini uýgunlaşdyrmaly. Raketalara garşy ulgamlar we adaty ýaraglandyrma boýunça öňki şertnama çäklendirmeleriň ätiýaçsyz ýykmasy Ýewraziýanyň syýasy giňişliginiň militarizirlenmegine getirdi. Ol goranmagy dolandyrmagyň elektron ulgamlarynyň mümkin bolan näsazlygy sebäpli global urşuň başlanmak töwekgelçiligini güýçlendirýär. Ýaragsyzlandyrmak boýunça BMG-niň Maslahatynyň işiniň täze strategiýasy gerek. Bize hil taýdan täze howpy – kiberjenaýatçylygy ýok etmek bilen meşgullanmak garaşýar, sebäbi ol garakçylaryň elinde iň howply ýarag bolup biler. BÄŞINJI. Uruşsyz dünýä – bu, ilki bilen, halkara maliýe, söwda we ösüş pudaklarynda global bäsdeşligiň adalatly paradigmasydyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda Gazagystan Global Strategiki Başlangyjy-2045 Meýilnamasyny işläp taýýarlamagy başlangyjyny teklip etdi. Şu Meýilnama uruşlaryň we dawa-jenjelleriň düýp sebäpleriniň ýok edilmegidir. Ähli milletleriň infrastruktura, serişdelere we bazarlara deň we adalatly elýeterliligi esasynda ösüşiň täze ugurlaryny döretmek zerur bolup durýar. Ony BMG-niň 100 ýyllyk ýubileýine durmuşa geçirmek teklip edilýär. Gazagystan 2016-njy ýylda ýokary derejede BMG-niň Halkara maslahatyny çagyrmagy teklip edýär. Onda XXI asyrda weýran ediji uruşlara we dawa-jenjellere ýol bermezlik maksady bilen, halkara hukugynyň ýörelgelerini tassyklamalydyr. Paýhaslylyga we gepleşiklere, takatlylyga we sagdyn pikirlenmäge çagyryşlar global parahatçylygyň garşydaşlarynyň maglumat çozuşlarynyň pidasy bolmaly däldir. XXI asyrda dünýämize parahatçylyk zerur! Bu mesele örän wajyp meseledir! Adamlaryň öňki ýüzýyllyklarda edişi ýaly, XXI asyrda parahatçylyk üçin oýlanyşykly we erjelli göreşmegine degýär. Biz çagalarymyzyň we agtyklarymyzyň geljegi hakynda pikirlenmeli. Öňki asyrlaryň tragiki ýalňyşlarynyň gaýtalanmagyna ýol bermezlik üçin we dünýäni uruş howpundan hemişelik halas etmek üçin Hökümetleriň, syýasatçylaryň, alymlaryň, täjirleriň, sungat işgärleriniň we millionlarça adamlaryň tagallalaryny birleşdirmeli. Hereket etmezlik ýa-da parahatlyk getiriji işi imitasiýa etmeklik bütindünýä heläkçiligine getirjegi ikuçludyr. “Dünýä. XXI asyr” manifestim XXI asyrda ýaşajak we işlejek geljekki nesliň ykbaly üçin çyn ýürekden ynjalyksyzlyk edýänim üçin taýýarlandy. Biz, döwletleriň liderleri we syýasatçylar, adamzadyň geljegi üçin ägirt uly jogapkärçiligi çekýäris. Köp sanly kynçylyklardan geçen adam we syýasatçy hökmünde, Semipalatinsk ýadro poligonyny ýapmak hakyndaky çylşyrymly karary kabul eden syýasy işgär hökmünde, men dünýäniň liderlerine we tutuş halkara bileleşigine akyl-paýhasyňyzy diňlemegi tutanýerlilik bilen haýyş edýärin. Adamzady ölüm getiriji uruş howpundan ömürlik halas etmek üçin bize bagly bolan elimizden gelen tagallany etmeli. Häzir we geljekde mundan başga wajyp mesele ýokdur.
Waşington şäheri, 2016-njy ýylyň 31-nji marty
|
|
|
|||||
Embassy of Kazakhstan - 2016
|